Loading

#arzylyzenan UNFPA, Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň zenanlara berilýän ahmiýeti öňe çykarmak maksady bilen başladan kampaniýasy

Her erkegiň öz durmuşynda arzyly zenany bolýar. Kakalar gyzlaryny, ýigitler gelinlerini, oglanlar uýalaryny arzylaýarlar.
UNFPA, BMG-niň Ilat gaznasynyň #arzylyzenan kampaniýasynyň esasy maksady zenanlara berilýän ahmiýeti has aýdyň görkezmek, olaryň jemgyýetiň esasy sütünleriniň biridigine ünsi çekmek bolup durýar.

Kakalar, ýigitler we oglanlar öz durmuşlarynda ähmiýetli hasaplaýan zenanlaryny näme üçin arzylaýandyklaryny beýan etdiler:

"Gyzlarym we gelnim meniň üçin #arzylyzenan, sebäbi olaryň bahasyna ýetip bolmaýar." Dr. Serdar Nurmedow
"Gyzym meniň üçin #arzylyzenan, sebäbi ol akyly bilen özüni aldyrýar." Atajan Öwezow
"Meniň gelnim žurnalist. Onuň işi deň jogapkärli. Gelnim meni beýik işlere ruhlandyryp, ähli başlangyçlarymda goldaýan bolsa, 1 ýaşyny ýaňy dolduran gyzym ýekeje ýylgyrşy bilen işden gelen badyma ähli ýadawlygymy aýyrýar. Meni ýaşaýşa höweslendirýär." Maksat Geldiýew
"Meniň gyzym Jennet #arzylyzenan, sebäbi ol zähmetsöýerligi we yhlasy bilen öňünde goýan maksadyna ýetýär; onuň bahasyna ýetip bolmaýar. Gyzymyň öz ýagty gelejegini gurjagyna ynanýaryn, men bolsa, elmydama onuň ýanynda bolaryn." Esen Berdiýew
"Gyzym meniň üçin #arzylyzenan, sebäbi gyzym öz durmuşyny özi gurýar." Begmyrat Gurbangeldiýew
"Kiçijik uýam meniň üçin #arzylyzenan, sebäbi onuň energiýasy tutuş maşgalamyza ýetýär. Uýam meniň üçin kiçijik ýyldyzjyk." Döwlet Atakişiýew
"Aýalym we gyzym meniň üçin #arzylyzenan, sebäbi olar tebigatyň ajaýyp eserleri." Döwlet Şadurdyýew
"Gyzym meniň üçin #arzylyzenan, sebäbi onuň işi deň jogapkärli." Atamyrat Ýazmyradow 
"Aýalym meniň üçin #arzylyzenan, sebäbi ol biziň şamçyragymyz." Ibragim Guseýnow
"Meniň gyz jigim #arzylyzenan, sebäbi ol meniň iň ýakyn dostum we men ondan köp zady öwrenýän." Ata Atajanow
"Gyzlarym meniň üçin #arzylyzenan, sebabi olar meniň bagt çeşmäm." Meýlis Hommatberdiýew
"Meniň gyzym #arzylyzenan, sebäbi onuň bahasyna ýetip bolmaýar." Baýram Nurmammedow
"Gyzym #arzylyzenan, sebäbi onuň kämilligi halkymyzyň bähbidi." Artur Seýnýanz
"Gyzym meniň üçin #arzylyzenan, sebäbi ol biziň şamçyragymyz." Aşyrgelgi Ýazmämmedow
"Meniň uýalarym #arzylyzenan, sebäbi olaryň bahasyna ýetip bolmaýar." Döwran Şammyýew
"Gyzym meniň üçin #arzylyzenan, sebäbi onuň sagdynlygy maşgalamyzyň sagdynlygy." Hoşgeldi Annageldiýew
"Gyzlarym meniň üçin #arzylyzenan, sebäbi olar meniň arkadaýanjym." Suhan Tüýliýew
"Aýalym meniň üçin #arzylyzenan, sebäbi çagalarymyza dogry terbiýe bermek ejelerini söýmekden başlanýar. Maşgalanyň esasy diwary bolsa, ony söýmekdir." MaRo

UNFPA maşgalalarymyzdaky zenanlaryň we gyzlaryň ahmiýetine we jemgyýetdäki orunlaryna ünsi çekmäge kakalaryň, ýigitleriň we oglanlaryň goşulýandygyna buýsanýar.

Şu günki günde zenanlaryň statusyny kämilleşdirmegiň we olaryň hak-hukuklaryny ýokarlandyrmagyň maşgalalar, şeýle hem tutuş jemgyýet üçin bähbitlidigi giňden kabul edildi.

UNFPA iýul aýynyň 1-11-i aralygynda sosial torlarda #arzylyzenan kampaniýasyny geçirer. Sizi bu kampaniýa gatnaşmaga çagyrýarys. Eýýäm suratyňy paýlaşan bolsaň, onda, dostuňy bu kampaniýa gatnaşmaga çagyr!

Şu aşakdaky aňlatmalardan hem peýdalanyp bilersiňiz:

“Gyzym/aýalym/uýam meniň üçin #arzylyzenan, sebäbi onuň bahasyna ýetip bolmaýar / ol biziň bagt çeşmämiz / ol akyly bilen özüni aldyrýar / ol öz durmuşyny özi gurýar / ol biziň şamçyragymyz / onuň sagdynlygy maşgalamyzyň sagdynlygy / onuň işi deň jogapkärli / ol biziň daýanjymyz/maşgalamyzyň daýanjy / onuň kämilligi halkymyzyň bähbidi!”